Bolting
Boltlary çekdirmek we gidrawlik enjamlaşdyrmak boýunça biziň hyzmatlarymyz müşderilere guraly saýlamakdan, bolta düşýän güýji hasaplamakdan başlap, tä degişli gidrawlik enjamlaryň kesgitlenilmegine çenli taslamalary dolandyrmak boýunça toplumlaýyn çözgütleri teklip edýär. Şeýle çemeleşme boltlary çekdirmegiň ähli bukjasyny dolandyrmaga mümkinçilik berip, biziň müşderilerimiz üçin köp meseleligi aradan aýyrýar we ähli tehniki çözgütler üçin hyzmatlaryň bir bitewi toplumyny berýär. Biziň kompaniýamyzyň gaty poladyň dürli markalaryndan ýasalan, biziň ýokary hünärli hünärmenlerimiz tarapyndan hyzmat edilýän we kalibrlenen gidrawlik gurallaryň giň toplumy bar. Boltlar bilen işlemeklige goşmaça, bizde gidrawlik dinamometrik açarlar, şlangaly tegekler, nasos agregatlary, gidrawlik gysgyçlar, urguly gaýka towlaýjylar, ýylmaýjy maşynlar we arakesijiler görnüşindäki goşmaça gurallar we enjamlar bar.
Işjeň ulanyş prosesinde flanesli birleşmelerde poslan boltlary gyzgynlygyna çalyşmak (Hot Bolting) ýa-da çalyşmak
Flanesli birleşmelerde güýçli poslan boltlar eýelerinde boltlaryň hakyky berkligine bolan şübhelik döredýär. Doly çalyşmagyň wariantlary gymmatly proses bolup, awariýa ýagdaýynyň ýüze çykmak mümkinçiligi bilen poslan boltlary ýerinde galdyrmak bilen, önümçilik prosesiniň duruzylmagyny ýa-da çözgüdi kabul etmegiň gaýra goýulmagyny talap edýär.
Biziň çözgüdimiz. Biziň kompaniýamyz gyzgyn gysgyjy üpjün etmegiň kömegi bilen flanesli birleşmäniň ygtybarlylygyny başlangyç ýagdaýyna howpsuz, netijeli we tygşytly ýol bilen dikeldilmegini üpjün edip, emele gelen ýagdaý üçin çözgüt hödürleýär.