top of page

Bizde iş

Biziň kompaniýamyzyň esasy – bu biziň adamlarymyzdyr.

Bizde işlemek bu diňe bir kompaniýada işlemek bolman, siziň zehinleriňiziň we başarnyklaryňyzyň kämilleşmegi, goldaw almagy we tanalmagydyr, biziň müşderilerimiz we hyzmatdaşlarymyz başyndan başlap soňuna çenli iň gowy taslamany üpjün etmäge taýýar bolan ussat topar bilen özleriniň ähtibarly ellerde bolup durýandyklaryna ynanyp bilerler.

Careers
Biz öz telekeçiligimiziň we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine ynanýarys, ýöne iň esasy zat bu biziň işgärlerimerizdir. Biz öz işgärlerimizi okadýarys hem-de goldawly we höweslendirýän amatly gurşawy döredýäris.

Biz öz işgärlerimiz we müşderilerimiz üçin möhüm bolup durýan köp başlangyçlary aýdyň üpjün edýäris, sebäbi biziň pikirimizçe öz pudagymyzda çalt ösüşe ýardam ediji (katalizator) bolmak üçin iç tarapdan uçgun zerurdyr.

Biz üýtgeşikligiň ähmiýetine düşünýäris we hyzmatdaşlyga, aragatnaşyga we hormat-sylaga esaslanýan giňişleýin gurşawy döredýäris. Adamlar biziň iň gymmat aktiwimizdir we biz ähli işgärlerimiz üçin deň derejede mümkinçilikleri we öňe gidişligi üpjün etmäge çalyşýarys. Dürli görnüşli jemgyýeti kämilleşdirmeklik hem-de tejribe we perspektiwalaryň giň çägini ulanmaklyk biziň üstünligimiz üçin aýgytly ähmiýete eýedir.

Biz kompaniýamyzyň hyzmatdaşlyk edýän adamlara, hyzmatdaşlara we müşderilere uzak möhletli täsir edýändigine düşünýäris

Innowasiýalara aýratyn üns bermek bilen bir hatarda biziň esasy gymmatlyklarymyza wepalylyk bize her bir taslamada täsin netijeleri üpjün etmek bilen iň gowy adamlary çekmäge we saklamaga ygtyýar berýär. Hünäre ýöriteleşdirilen tejribe, taslama toparynyň ähli agzalary bilen hyzmatdaşlyk we biziň borçlarymyzyň ýerine ýetirilmegi üçin talap edilýän islendik işiň amala aşyrylmagy her bir taslamanyň üstünlikli tamamlanmagyna açar bolup durýar we taslamalaşdyryş, inženerlik we gurluşyk elmydama biziň işimizdigine garamazdan, biz diňe bular bilen çäklenmeýäris. Biziň üçin bu jemgyýetiň gowulaşmagyna höwesli bolmakdyr, birek-birege ynanmakdyr we özümize isleýşimiz ýaly biziň müşderilemize we hyzmatdaşlarymyza hormat-sylagy görkezmekdir.

Eger-de siz taslama, inženerçilik we gurluşyk çygrynda ýokary derejeli hünärmen bolsaňyz ýa-da ýaňy-ýakynda okuw jaýyny tamamlan bolsaňyz, öz hünäriňiz boýunça uly abraýa eýe bolmak isleýän bolsaňyz, onda biz Siziň bilen duşyşmaklyga örän şatdyrys.

bottom of page