top of page

Konseptual taslamalaşdyrmak

Konseptual taslamalaşdyrmak her taslamanyň rowaçlanmagynda möhüm rol oýnaýar. Ol taslanylýan obýektiň umumy konsepsiýasyny işläp düzmekligi, taslamalaşdyrmaga tabşyrygy emele getirmekligi we taslama prosesini taýýarlamaklygy öz içine alýar. Biz islendik ölçegdäki we kynlykdaky taslamalar üçin ýerüsti, suwüsti we suwasty obýektleri konseptual taslamalaşdyrmak boýunça hyzmatlary berýäris.

Konseptual taslamalaşdyrmak

Konseptual taslamalaşdyrmak çykdajylary barlamak, soňundan amatlaşdyrmak we taslamany amala aşyrmagyň strategiýasyny tassyklamak üçin wajyp tapgyr bolup durýar. Berlen tapgyrda biziň tejribämizi we bilimlerimizi ulanmaklyk bökdençlikleri ujypsyzlandyrýar, töwekgellikleri peseldýär we çykdajylary azaldýar. Ýokary hilli konseptual taslamalaşdyrmak taslamadaky soňraky üýtgetmeleriň mukdarynyň azalmagyna getirer we ahyrky netijäniň rowaçlanmagyna uly ynamy üpjün eder we siziň taslamaňyzyň strategik meselelerini amala aşyrmaga ýardam berer. Konseptual taslamalaşdyrmagyň prosesinde taslamany amala aşyrmagyň ýokary derejesine laýyk gelmegi, siziň aktiwiňiziň uzak möhletleýin ygtybarlylygy we işe ukyplylygy üçin taslamanyň gymmatyny ýokarlandyrýan usullar ulanylýar.

Konseptual taslamalaşdyrmak boýunça biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar

• Biznesiň seljermesini we strategik baha berilmegini.
• Taslamany amala aşyrmaklygy jikme-jik meýilleşdirmegi.
• Işgärleri okatmak boýunça, işe goýberiş-sazlaýyş işleriniň we önümli ulanyşa girizmegiň meýilnamalaryny.
• Üpjün etmeleri we materiallary dolandyrmagyň meýilnamasyny.
• Howpsuzlygy üpjün etmegiň we hili dolandyrmagyň meýilnamasyny.
• Bahany dolandуrmak we konstruksiýalary hasaplamak.
• Uçastogyň we enjamlaryň ýerleşişiniň meýilnamasyny.
• Enjamlaryň we ýöriteleşmäniň sanawyny.
• Gymmatyny ýokarlandyrmak usullary barada hasabatlary.
• Bahalar barada teklipleri bermeklige we tebigaty goraýyş rugsatnamalaryny taýýarlamaga we bermäge ýüzlenmeleri.
• Tehnologik taslamalara baha bermek we olary gowulandyrmak.
• Düýpli çykdajylaryň çenligini.
• Taslama boýunça gurluşygy amala aşyrmak boýunça hasabatlary.

bottom of page