top of page

Elektrotehnika

Biziň kompaniýamyzyň şeýle taslamalary amala aşyrmakda iş tejribesi we raýat hem-de senagat pudaklarynyň elektrik enjamlaryny we elektrotehniki ulgamlaryny işläp taýýarlamak, taslamalaşdyrmak we amatlaşdyrmak boýunça zehinli we tejribeli hünärmenleriniň bilimleri bar. Biz konseptual taslamalaşdyrmakdan we taslamany dolandyrmakdan tä satyn almalara, taýýarlyk işlerine, elektrotehniki işlerini geçirmeklige we ulanyşa girizimeklige çenli toplumlaýyn hyzmatlary teklip edýäris.

Elektrotehnika

Biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar

• Senagat ulanyşy üçin podstansiýalary we paýlaýjy ulgamlary konseptual taslamalaşdyrmak.
• Senagat ulanyşy üçin dizaýn we jikme-jik taslamalaşdyrmak.
• Enjamlaryň spesifikasiýasyny işläp taýýarlamak.
• Goraýjy gurluşlaryň utgaşygyny barlamak.
• Tehniki derňew.
• Duganyň tutaşma töwekgelligine baha bermek boýunça toplumlaýyn barlaglar.
• Elektrik energiýanyň hilini derňemek.
• Ulgamyň könelişen elektromehaniki rele ulgamlaryndan goragyny döwrebaplaşdyrmak.
• Testli işe goýbermek we ulanyşa girizmek.
• Ulanyş we tehniki hyzmat ediş iş tertiplerini işläp taýýarlamak.

bottom of page