top of page
Commissioning

Ulanyşa girizmek

Ввод в эксплуатацию

Commissioning

Biz hem täze, hem-de durky täzelenýän obýektleri üstünlikli ulanyşa girizmegiň meselelerine gowy düşünýäris we bşu babatda hünär tejribämiz bar. Biz hem täze obýektleri, hem-de gaýtadan ulanyşa girizmek ýaly düýpli durky täzelenen obýektleri ulanyşa girizmek boýunça hyzmatlary berýäris. Şeýle hem biz kärendeçiler üçin durky täzelenenden soň obýektleriň bahasyny kesgitläp we ulanyşa girizip bileris.

Gurlan obýektiň döwlet kabul ediş topary ýa-da kabul ediş topary tarapyndan ulanyşa kabul edilmegi onuň doly taýýar bolan ýagdaýynda, tassyklanylan taslama laýyklykda we iş toparynyň oňaýly netijenamasynda geçirilýär, topara şular girýär:

• Buýrujynyň ýa-da maýa goýujynyň wekili – toparyň başlygy.
• Inžener-taslama resminamalaryny işläp taýýarlaýjynyň wekili, taslamany düzüjileriň (taslamanyň ýörite bölümlerini işläp düzüjileriň) wekilleri.
• Potratçynyň (baş potratçynyň ýa-da kömekçi potratçynyň) wekili.
• Ulanyjy guramalaryň wekilleri.
• Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gözegçilik, döwlet ýangyna garşy gözegçilik gulluklarynyň, beýleki gözegçilik edaralarynyň wekilleri – taslamanyň niýetlenişine we onuň soňraky ulanylyşyna baglylykda olaryň garamagy boýunça.

Aýratyn halatlarda, gurlan obýektiň ulanyşa kabul edilmegi eýesi (buýrujy ýa-da maýa goýujy) tarapyndan özbaşdak geçirilýär.

Obýekt gurujy – toplumlaýyn kysymly gurama tarapyndan gurlanda, guramanyň ýolbaşçylygynyň karary boýunça topar buýrujynyň, taslamany düzüjiniň we potratçynyň binýat guramaçylyk wezipelerini ýerine ýetirýän düzüm birlikleriniň jogapkär wekillerinden, ulanyş guramalaryň we zerur bolsa gözegçilik edaralarynyň jogapkär wekillerini çekmek bilen döredilýär. Iş toparynyň goşundylar bilen netijenamasy guramanyň ýolbaşçylygyna berilýär.

Commissioning
Obýektiň ulanyşa kabul edilmeginiň taýýarlygynyň toplumlaýyn barlagy buýrujynyň hasabyna amala aşyrylýar. Obýektiň ulanyşa kabul edilmeginiň taýýarlygynyň toplumlaýyn barlagynyň dowamynda iş topary:

• Potratçynyň (baş potratçynyň, kömekçi potratçynyň) beren resminamalarynyň jemlenenligini, mazmunyny we resmileşdirilişini barlaýar.

• Ýerine ýetirilen gurluşyk konstruksiýalaryň taslama resminamalarynyň talaplaryna laýyklygyna baha berýär.

• Tehnologik enjamlaryň we inžener ulgamlarynyň synaglaryny we barlaglaryny ýerine ýetirýär.

• Tehniki we awtorlyk gözegçiligi žurnallaryna we işleriň umumy žurnalyna girizilen, tehniki, awtorlyk gözegçiliginiň, döwlet gözegçilik edaralarynyň wekilleriniň bellikleriniň we görkezmeleriniň ýerine ýetirilişini barlaýar.

• Barlagyň, ölçegleriň we synaglaryň netijeleriniň dogrulygyna bildirilýän talaplaryň berjaý edilişiniň barlagyny geçirip biler.

• Potratçynyň (baş potratçynyň, kömekçi potratçynyň) beren ýerine ýetirilmeli geodeziýa shemalarynyň dogrulygynyň barlagyny ýerine ýetirip biler, eger-de bu barlag jogapkär konstruksiýalaryň aralyk kabul edilşinde ýerine ýetirilmedik bolsa.

Toplumlaýyn barlagyň netijeleri boýunça iş topary obýektiň ulanyşa kabul edilmegine taýýarlygy barada netijenama düzýär.

Konstruksiýalarda, tehnologik enjamlarynda, inžener torlarynda, bejergisinde taslama resminamalarynyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň obýektiň kabul edilmegine bildirilýän talaplaryndan gyşarmalaryň ýüze çykarylan ýagdaýynda, iş topary obýektiň ulanyşa kabul edilmegine ýeterlik taýýar däldigi barada netijenama düzýär we onuň ýany bilen ýüze çykarylan şikesleriň sanawyny goşýar. Iş toparynyň bellenilen tertipde doldurylan netijenamasy ýokarda agzalyp geçilen ýüze çykarylan şikesleriň sanawy bilen bilelikde buýruja berilýär.

Buýrujy iş toparynyň ýüze çykaran şikesleriniň sanawyny (bolan ýagdaýynda) olary potratçy bilen ylalaşylyp kesgitlenilen möhletlerde aradan aýyrmak üçin potratça berýär. Gurluşygy tamamlanan obýekti onuň taýaýrlygynyň toplumlaýyn barlagyndan soň, buýrujy binagärlik, şähergurluşygy we gurluşyk işi barada kanunçylyga laýyklykda obýekti ulanyşa kabul etmek üçin döwlet kabul eidş toparyna ýa-da kabul ediş toparyna hödürleýär. Bir wagtda buýrujy topara resminamalaryň toplumyny, şeýle hem potratçydan alan inžener-taslama resminamalarynyň toplumyny hödürleýär.

Hem raýat, hem-de senagat pudagynda dürli obýektleri dikeltmekde we gurluşygy tamamlanan ähli taslamalry üstünlikli ulanyşa girizmekde baý tejribäniň bolmagy, ulanyşa girizmegiň ýokarda görkezilen iş tertiplerini geçenlerinde biziň müşderilerimiziň hiç hili kynçylyklara sezewar bolmajakdyklary barada bizde ynam döredýär.

Ynha, biziň kompaniýamyz hem raýat, hem-de senagat gurluşygynda hünärmenlere eýe bolmak bilen, eýäm tamamlanan taslama deslapky baha bermek boýunça hyzmatlary teklip edip bilýär, ol ulanyşa girizilmezden öňinçä we dikeldilende kemçilikler ýa-da başlangyç bellenilen inžener-taslama resminamalaryndan gyşarmalar ýüze çykarylýança, çünki olaryň wagtynda we dessin ýüze çykarylmagy we aradan aýrylmagy işjeň önümli ulanyş prosesindäki wagty we soňraky çykdajylary azaldar.

Ulanyşa girizmek ¹

Ulanyşa girizmek ¹

bottom of page