top of page
Valve services

Klapanlara hyzmat etmek

Обслуживание клапанов

Valve services

Biziň kompaniýamyz klapanlarda döwürleýin we öňüni alyş hyzmat etmek boýunça ýöriteleşdirilen hyzmatlary berýär. Dogry işleýän sazlaýjy we bekleýji klapanlar we goraýjy basyş klapanary siziň obýektiňiziň turba geçiriji ulgamynyň howpsuz we netijeli işlemegi üçin we siziň enjamlaryňyzyň abatlygy üçin örän wajypdyr. Biz diňe bir döwürleýin we öňüni alyş hyzmatlary üpjün etmän, eýsem üznüksiz we dogry işi üpjün etmek üçin tehniki hyzmat etmek boýunça taslama netijeli dolandyryşy üpjün edip bilýäris.

"Işeňňir" klapanlar bilen bagly bolan ähli meseleleri dessin çözüp bilýär

Biz sökmekden, düýpli abatlaýyşdan, biziň ussahanalarymyzda soňraky testleşdirmekden, gaýtadan gurnamakdan we ulanyşa girizmekden we ýerinde doly çalyşmak zerurlygyndan başlap tehniki hyzmatyň toplumlaýyn prosesini hödürleýäris. Şeýle hem siz kesgitli hyzmatlar ýa-da maslahatlar üçin bize ýüz tutup bilersiňiz, biziň toplumlaýyn hyzmatlarymyz aýrybaşga esasda elýeterlidir.

Biziň Türkmenistanyň içerki bazarynda ýokary çalasynlygymyz sebäpli biz müşderilerimize awariýa abatlaýyşy üçin çalt hyzmatlary berip ýa-da zerur düýpli abatlaýyş üçin doly mobilizsiýany geçirip bilýäris. Biziň kompaniýamyzyň hususy ammar serişdeleri bolup, sazlaýjy, bekleýji gorag klapanlary üçin jemleýji şaýlaryň giň ätiýaçlaryny teklip edip bilýäris. Mundan başga, bizde hususy abatlaýyş usshanalarymyz we synaglary geçirmek üçin zerur enjamlarymyz bar, olary ýurduň islendik bölegine gysga möhletiň içinde ýygnap bolar.

Biz bilen işläp, siz "Işeňňiriň" hünärli, jemlenen, toplumlaýyn we modully hyzmatlary başarnykly, ýokary hilli we ygtybarly berjekdigine doly ynam edip bilersiňiz.

bottom of page