top of page

Plastik turba geçirijiler

Plastik turbalary – bu hil, ygtybarlylyk we bökdençsiz ulanyşdyr.

"Işeňňir" himiýa we nebit-gaz senagatynda ýokary hilli plastik turbalary ulanmakda ýöriteleşýär, ol ýerde önümçilik önümçilik kuwwatlyklarynyň hiline, howpsuzlygyna we üznüksizligine ýardam edýär. Bizde senagat önümçiliginde plastik turbalarynyň ähli kysymlaryny ulanmak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça bilimlerimiz we tejribämiz bar.

Plastik turba geçirijiler

Biziň çözgütlerimiz

• Biziň baş maksadymyz – howpsuzlyk we hil.
• Plastik turbalarynyň islendik gurnagy üçin biziň işgärlerimiziň bilimleri, tejribesi we ähli zerur bolan sertifikatlary bar.
• Gurnamak we tehniki hyzmat etmek boýunça doly toplum.
• Serişdeleriň ýokary çaklaňlygy we başarnykly guramaçylyk.
• Taslamalaşdyrmany we ulanyşy bir teklipde berýäris.
• Teklip edilýän hyzmatlaryň giň toplumy taslamany amala aşyrmakda toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün edýär.
• Gurnamak we tehniki hyzmat etmek boýunça ýöriteleşdirilen bilimler.

Biz täze gurnama gatlakly ýa-da kompozit turba geçirijiniň gurnagyny we bar bolan turba geçirijileriň ulanylmagynyň amatlaşdyrmasyny amala aşyryp bileris. Biziň ýokary hünärli işgärlerimiz plastik turba geçirijileriň çözgütlerini islendik ýagdaýda ulanmak üçin sertifikatlaşdyrylandyr we özüniň bilimlerini hem tejribesini müşderiniň bähbitleri üçin gurnamak we tehniki hyzmat etmekde ulanýar.

Biziň hyzmatlarymzy şulary öz içine alýar

• Taslamalaşdyrmak we gurnamak.
• Tehniki hyzmat etmek we bar bolan turba geçirijileri amatlaşdyrmak.
• Plastik rezerwuarlarynyň inspeksiýasy.
• Hem ýerüsti we kenar, hem-de suwüsti infrastrukturasynda ulanmak we ornaşdyrmak.
• Önümiň ýöriteleşmesine laýyklykda mahsus taslamalarda konsalting we inžiniring.
• Plastik komponentleri we enjamalryny abatlamak.

Biziň inženerlerimiziň öndürijiler we üpjün edijiler bilen göni gatnaşmaga mümkinçilikleri bar. Takyk ýöriteleşmeleriň bolmadyk ýagdaýynda, "Işeňňir" siziň taslamaňyzda ýa-da aktiwiňizde ulanmak üçin ýaramly bolan zerur materialy saýlamaga kömek berer. Biz plastik we kompozit materiallar bazarynda häzirki zaman täzelikler we innowasiýa çözgütleri bilen döwrebap gadam urýarys we iň gowy hili, netijeli çözgüdi we iň bähbitli teklibi hödürläp bileris. Biz siziň irnik çözgütleriňizi amala aşyrmaga kömek bereris.

bottom of page