TH, ZG we DGG
ТБ, ОТ и ООС
Health, Safety
and Environment
Tehniki Howpsuzlyk
Biz siziň howpsuzlygyňyz we siziň abadançylygyňyz barada alada edýäris we alada ederis
Her taslamadan öndürilen konstruksiýanyň her tonnasyna çenli, biziň işgärlerimiziň, jemgyýetiň we daşky gurşawyň goragy biziň edýän ähli zatlarymyzyň esasy bolup durýar. Biz howpsuzlyga ymtylmalarymyz ähli zatdan ileridir. Biziň üçin hiç bir taslama şowly bolmaz, eger-de ol howpsuz gurulmasa. Biziň pikirimizçe, talaba laýyk meýilleşdirip we okadyp, işgärleri сekip we olaryň hukuklaryny hem mümkinçiliklerini giňeldip, şeýle hem ähli adamlaryň gelşi ýaly iş ýerlerini taşlap gitjekdigini kepillendirýän, elmydama hüşgär bolmak bilen ähli betbagtçylykly hadysalaryň öňüni alyp bolýar.
1
Howpsuzlyk
"Howpsuzlyk" – bu biziň medeniýetimiziň düýp özenidir. Biziň kompaniýamyzyň howpsuzlyk programmasy biziň işgärlerimiziň we biziň hyzmatdaşlarymyzyň-kömekçi potratçylarymyzyň ählisi üçin maksimal howpsuz iş gurşawyny gazanmak üçin dolandyryşy we gönükdirmäni üpjün edýär. Biziň howpsuzlyk bilen baglanyşykly soraglara asla ýol bermezlik syýasatymyz bar.
2
Üznüksiz okuw
"Üznüksiz okuw" – ýokary habarlylyk, önümçilik ýa-da gurluşyk prosesine çekilen her bir işgär üçin, iş ýerine we eýeleýän wezipesine garamazdan, absolýut talap bolup durýar we biz şuny ähli taslamalarda biziň ulanýan yzygiderli syýasat we howpsuzlyk dessurlary arkaly gazanýarys. Biziň işgärlerimiz howpsuzlyk çygrynda iň täze usullary elmydama öwrenýärler, bu bolsa bize kompaniýada howpsuzlyk medeniýetini döretmäge mümkinçilik berýär, ol bolsa olar üçin adaty iş atmosferasy bolýar. Tehniki howpsuzlyk boýunça biziň menejerlerimiz özboluşlylygy nazara alyp, her taslama boýunça özbaşdak ýörite howpsuzlyk programmalaryny döredýärler.
3
Howpsuzlyk çygrynda öňdebaryjy tejribe alyşmak
"Howpsuzlyk çygrynda öňdebaryjy tejribe alyşmak" – müşderilerimiziň, hyzmatdaşlarymyzyň we hyzmatdaş-kömekçi potratçylarymyzyň ählisiniň arasynda iň gowy tejribe bilen alyşýarys. Bu kompaniýada ylalaşyklyga we elmydama gowulanma ýardam edýär. Biz howpsuzlyk boýunça korporatiw ýolbaşçylygymyzda beýan edilen howpsuzlyk düzgünlerimizi we kadalarymyzy elmydama işläp düzýäris we täzeleýäris.
Zähmeti goramak
Howpsuzlyk – biziň saýlawymyz
Howpsuzlyk – bu diňe bir işewür borçnama däl-de, bu biziň ahlak borjumyzdyr. Bu zähmet işjeňliginiň dowamynda işgärleriň janyny nwe saglygyny goap saklanyş ulgamydyr. Biziň kompaniýamyzyň her bir işgäri, gurluşyk meýdançasyndan tä taslamanyň ýolbaşçylygyna çenli, kompaniýamyzyň "Howpsuzlyk ulgamynyň we howpsuzlygy dolandyrmagyň" ähli elementleriniň berjaý edilişine we berjaý edilmeginiň üpjün edilişine şahsy jogapkärçilik çekýär.
Islendik korporatiw ulgamy we biznesiň medeniýetini gurmagyň esasynda bolşy ýaly, Zähmeti Goramagyň esasynda hem biziň gyşarnyksyz eýerýän we barlyşyksyz berjaý edýän öz baýlyklarynyň we ýörelgeleriniň ýatandygyna biz doly ynanýarys.
Biziň baýlyklarymyz we ýörelgelerimiz howpsuzlykda
"Geple we diňle" – howpsuzlygyň biziň işimize goşmaça edýänimiz däl-de, bu biziň nähili işleýändigimizdigine biz düşünýäris. Biziň okuw programmalarymyz howply iş usullaryny dessine ýüze çykarmaklygy we düzetmekligi işgärlere öwredýär
"Gowusy okatmak" – howpsuzlyk boýunça gündelik we hepdelik ýygnaklara goşmaça, ýolbaşçylar taslamalarda iş ýerleriniň howpunyň seljermesini, taslamanyň her bölegine howpsuzlygy birleşdirýän gurallary ulanyp, işgärleri barlaýarlar we okadýarlar.
"Barlamak we öňüni almak" – iş meýdançalarynyň auditleri, inspeksiýalary we gündelik barlaglar we hünär derejesindäki auditler şikesleri almagyň we betbagtçylykly hadysalaryň ähtimallygyny yzygiderli peseldýärler. Biz meýilleri seljerip we öňdebaryjy tejribe bilen alşyp, howpsuzlygy elmydama gowulandyrýarys.
"Gatnaşyklaryň esasynda howpsuzlyk" – howpsuzlyk-bu taslamalar däl-de, adamlardyr. Howpsuzlyk – bu statistika däl-de, taryhdyr. Biz töwekgelligi dolandyrmalydyrys!
"Howpsuzlyk hadysalaryň öňüni alýar" – kompaniýamyzda howpsuzlyk boýunça seminarlary yzygiderli geçirýäris we howpsuzlygyň wajyplygy we hadysalaryň öňüni almak barada täze we ýaş işgärleri habarly etmäge çalyşýarys.
"Howpsuzlyk ýokardan başlanýar" – ýolbaşçylygyň jogapkärçiligi we howpsuzlyk soraglaryny ara alyp maslahatlaşmakda strukturalaýyn çemeleşme biziň howpsuzlyk medeniýetimiziň möhüm komponentleri bolup durýar. Biz howpsuzlyk kadalaryny diňe bir berjaý etmän, eýsem üstün çykmaga ymtylýarys.
"Şuny dogry etmek üçin howlukmaň" – howpsuzlyk birinji ýerde, elmydama we hemme ýerde. Hiç bir iş zerur howpsuzlyk çärelerini berjaý etmeklige wagt we serişdeleri sarp eder ýaly, şeýle gyssagly bolup durmaýar.
"Howpsuzlyk – bu adamlar" – biziň işgärlerimiz biziň iň gymmatly aktiwimiz bolup durýar, şoňa görä biz olaryň işjeň gatnaşmaklaryny talap edýäris we öz işini howpsuz ýerine ýetirmegi üçin jogapkärçilik çekýäris.
Daşky Gurşawy Goramak
Planetanyň tebigatyny gorap, biz geljege seredýäris
Biziň kompaniýamyzyň ähli işi üçin durnukly we dinamiki ösüş esasy ähmiýete eýe bolup, biziň çemeleşmämizi kesgitleýär we geljekki nesiller üçin daşky gurşawy goramak boýunça biziň işgärlerimizi gönükdirýär we biziň işimizi döredýär. Biz pudagymyzdaky üstünliklerimize we ýurdumyzyň raýatlaryna, ykdysady, durmuş we ekologik çygyrlaryndaky iň ýokary netijelere buýsanýarys. Biziň wezipämiz we baýlyklarymyz ykdysady ösüşi we durmuş integrasiýasyny gazanmaga, daşky gurşawyň goragyna, fiziki we sanly howpsuzlygya we durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen, hakykatdan hem wajyp bolan biziň maksadymyza alyp barýar. Işi howpsuz we jogapkärli alyp barmagyň örän wajyp ähmiýeti bardyr. Ol daşky gurşawa zyýan ýetirmän, biziň syýasatymyz bilen üpjün edilýär we daşky gurşawa biziň edýän täsirimiziň dolandyyşyny we hünär akýürekliliginiň we açyklagynyň berjaý edilişini öz içine alýar. Taslamanyň maksatlaryna, degişli bolan pudagyndaky onuň niýetlenişine garamazdan, ony amala aşyrmazdan ozal biz belli bir ýerde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň üýtgemek, gidrologiýa düzgüniniň bozulmak mümkinçiligini we ulanylanda onuň ýerleşjek ýerindäki gurşawyna nähili uzak möhletleýin täsir edip biljekdigini jikme-jik öwrenýäris we seljerýäris.
Biz daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreler bilen gurluşykda taslamanyň amala aşyrylanda ekologik ugurlaryna hem aýratyn üns berýäris. Bu bolsa gurluşykda ulanylýan enjamlar, mehanizmler we ýörite tehnikalar bilen topraga, atmosferanyň we suwuň ýagdaýyna ýetirilýän zyýany azaltmaga bize mümkinçilik berýär.
Daşky gurşawa zyýan ýetmeginiň öňüni almak üçin, çäreler işlenip düzülende biz indiki faktorlary nazara alýarys:
• Ýörite tehnikalaryň işlenen gazlarynyň atmosfera zyňylmasy.
• Obýektde işleýän mehanizmleriň topraga edýän dinamiki tasirini.
• Gidrologik düzgüniniň bitewüiliginiň bozulmasyny.
• Işler geçirilende galyndylaryň we zibiliň bolmagyny hem-de olaryň gaýtadan işlenilmesini.
• Akdyrma hapa suwlary bilen topragyň hapalanmasyny.
• Ürgün gurluşyk materiallaryň bölejikleri bilen tozanyň zyňyndylary bilen atmosferanyň hapalanmasyny bilen.
Ekoulgamyň hapalanmagynyň öňüni almak we deňagramlygyny dikeltmek üçin rekultiwasiýa ulanylýar. Agyr tehnikanyň we enjamlaryň işinden topraga ýetýän täsiri azaltmak üçin, sandyramany basmak boýunça desgalar ulanylýar. Gurulýan desganyň çäklerinden daşyndaky ýerleriň hapalanmagynyň öňüni almak üçin, çykylýan ýerlerde çaklaň awtoýuwalgalar gurnalýar. Hapa ulaglaryň taslama ýeriniň çäklerinden daşyna çykmak düýbünden gadagan edilýär.
Zibil we gurluşyk galyndylary ýörite bölünip berlen poligonlara çykarylýar we gaýtadan ulanylýar ýa-da ikilenç peýdalanmak maksady bilen gaýtadan işlenişe tabşyrylýar.
Biziň pudagymyzda işi ekologik taýdan howpsuz we jogapkärli alyp barmagyň örän wajyp ähmiýete eýedir. Biz işimizde, özümiziň garaýşymyz we saýlawymyz bilen aýawly gurluşygyň XXI asyrda biziň pudagymyzyň kadasydygyna görelde bolup durýandygymyza buýsanýarys.