top of page
Design & engineering

Taslama-inženerçilik hyzmatlary

Проектно-инженерные услуги

Design & engineering

Çylşyrymly meseleleri çözmek üçin taslamalaşdyrmak

Biziň inženerçilik taslamalaşdyrmak babatda mümkinçiliklerimiz biziň hyzmatlarymyzyň elmydama aýrylmaz bölegi bolup, taslamany amala aşyrmagyň has netijeli prosesine we taslamalaşdyrmakda her bir mesele üçin has netijeli çözgütlere alyp barýan döredijilikli hyzmatdaşlyga ýardam edýär. Özümiziň şahsy köp ýyllyk tejribämize daýanyp, biziň kompaniýamyz konseptual taslamalaşdyrmakdan başlap, tä işe goýberiş-sazlaýyş işlerine we ulanyşa girizmeklige çenli toplumlaýyn inženerçilik hyzmatlaryny teklip edýär.

Biz müşderilerimizde kynçylyklary ýeňip geçmek üçin innowasion çözgütleri peýdalanyp, ýaramaz we iýiji gurşawda soňundan ulanmak bilen hem ownuk, hem-de iri, tehniki taýdan has çylşyrymly taslamalary taslamalaşdyrmak boýunça hyzmatlary berýäris. Beýleki çözgütler bilen birleşýän, doly gurup tabşyrmagyň toplumlaýyn inžener-gurnaýjylyk çözgütlerinden başlap, tä siziň taslamaňyzyň durmuş syklnyň islendik fazasy üçin aýry-aýry hyzmatlara çenli – biz islendik taslama ýa-da hereket edýän kärhana üçin çözgütleri bermek bilen, amaly tejribämizi we bilimlerimizi ulanýarys.

Biz her bir taslama tapgyrlaýyn prosesiň kömegi bilen çemeleşýäris, şol proses hem gury ýerde, hem-de deňizde öwrenmäni we taslamalaşdyrmany, satyn almany we üpjün etmäni, ýasamany we önümçiligi, gurluşygy we installýasiýany baglaşdyrýar. Biziň esasy maksadymyz – müşderilerimiziň iň ýokary talaplaryny kanagatlandyrýan howpsuz, netijeli dolandyrylýan we ykdysady taýdan netijeli taslamalary bermekdir.

Biziň inženerçilik hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar

• Konseptual taslamalaşdyrmak.
• Deslapdany taslamalaşdyrmak.
• Jikme-jik tehniki taslamalaşdyrmak.
• Tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmak.
• Prosesleri taslamalaşdyrmak.
• Konstruksiýalary geljegi bilen taslamalaşdyrmak.
• Gurluşygy taslamalaşdyrmak.
• Gurnama işleri.
• Işe goýberiş-sazlaýyş işleri.

• Ulanyşa girizmek we işletmek.

Raýat we senagat inženeriýasyny, şeýle hem ýaşaýyş howpsuzlygynyň seljermesini we bellenilen tehniki kadalaryna laýyklygyny nygtamak bilen, bizde islendik tehniki meseläni çözmek üçin serişdeleriň giň toplumy bar. Biziň tejribämiz şuny görkezýär, ýagny has üstünlikli taslamalar meýilleşdirme we taslamalaşdyrma wagtynda taslamany dolandyrmak boýuna toparyň wajyp işgärleriniň arasynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutuýar – köplenç bu buýrujy, binagär, inžener, potratçy we möhüm üpjün edijilerdir.

Biz taslamanyň ösüş ugrunyň umumy aýratynlyklaryny, umumy prosesleri we dürs dolandyryş gurluşyny belleýäris. Bu taslamanyň bütin ýaşaýyş döwrüniň dowamynda hemişelik kommunikasiýasyna ýardam edýär. Taslamanyň irki tapgyrynda hyzmatdaşlyk has doly meýilnama we has jikme-jik we ýaýbaňlandyrylan býujete getirýär. Mundan başga, biz üznüksiz baha berme prosesini ulanýarys: gurluşyk başlan wagty baha berme prosesiniň tamamlanýandygy barada adaty düşünjeden paradigmanyň üýtgemegi. Biz taslamanyň ösdügiçe meýilnamalary kämilleşdirmegi dowam edýäris we hem dizaýnda, hem-de býujetde maksatlara netijeli ýetmek üçin işleýäris.

Aýawly taslamalaşdyrmak

Aýawly taslamalaşdyrmak – bu pikirlenmegiň medeniýeti we usuly bolup, netijeliligi we öndürijiligi ýokarlandyrmagyň hasabyna hili gowulandyrmaklyga jemlenmegi talap edýär. Biz elmydama hili gowulandyrmaga, şol sanda taslamada galyndylary amatlaşdyrmaga ymtylýarys, taslamalaşdyrmagy we soňundan gurluşygyň dowamynda goşmaça gymmaty döredýän elementleri aradan aýyrýarys. Ahyrynda, adamlara we guramanyň gymmatlyklaryna baglydyr.

Tehnologiýalar we innowasiýalar

Biziň elmydama kämilleşdirmek we okatmak medeniýetimiz müşderilerimiz üçin has köp peýda getirip biljek täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri nähili gözleýändigimiz bilen has gowy görkezilýän bolsa gerek. Biz ýalňyşlaryň sanyny azaldyp, biziň berýän bahalarymyzyň takyklygyny ýokarlandyryp we wizuallaşdyrmany gowulandyryp, taslamamyzy amala aşyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrýan gurallary ulanýarys, ýöne iň esasy zat, biz manysy bolan we siziň taslamaňyzyň gymmatyny mese-mälim artdyrýan tehnologiýalary ulanýarys.

3D CAD taslamalaşdyrmak we wirtual maket

Binalary maglumatlaýyn modelirlemegiň (BIM) we wirtual taslamalaşdyrmagyň we gurmagyň (VDC) netijesinde biziň kompaniýamyz industriýany adaty 2D çyzgylardan daşlaşdyrýar we olary 3D wirtual modelleri bilen çalyşýar. Soňky birnäçe ýyllarda biz BIM-i çylşyrymly taslamalarymyzyň ählisinde diýen ýaly ulandyk, bu bolsa netijeliligi düýpli ýokarlandyrdy, taslamany amala aşyrmagyň dowamynda soňraky özgermeleri azaltdy we goşmaça çykdajylara we gurluşygyň hem-de önümçiligiň grafiginiň artmagyna getirýän soňraky özgermeleri ujypsyzlandyrdy, bu bolsa obýekti ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrdy. Biziň taslama toparymyz dürli usullar bilen, şol sanda wirtual hakydalygyň şlemlary bilen wizuallaşdyryp bolýan sanly maketleri takyky döretmäge ukyplydyr. Bu bolsa biziň müşderilerimize taslamalaşdyrylan giňişlikler boýunça gezelenç etmäge mümkinçilik berip, taslamanyň bütin döwrüniň dowamynda gymmatly ters kommunikasiýany üpjün edýär. Mundan başga, wirtual maketleri çalt sazlap bolýar, bu bolsa ters aragatnaşygy işläp taýýarlama wagtyny ep-esli azaldýar we netijeliligini ýokarlandyrýar. 3D maketleri ulanyp, biz meýilleşdirmede bolup biljek dawalary aradan aýryp, gurluşygyň prosesinde soňraky üýtgetmeleriň ýa-da üýtgetmelere sargytlaryň ähtimallygyny peseldip bileris.

3D modelirlemede dawalary ýüze çykarmagyň we olary çözmegiň prosesi maglumata (RFI) ýüz tutmalaryň sanyny azaltmakda we taslamada üýtgetmä soňraky sargytlary (Change Order) azaltmakda özüniň netijeliligini subut etdi. Biz bolup biljek dawalary ýüze çykarmak we düzetmek hem-de konstruktiwligini üpjün etmek üçin, taslamalaşdyrma prosesiniň bütin dowamynda taslamanyň modelini elmydama seljerýäris. Biziň işgärlerimizi häzirki zaman platformalaryň köpüsine düşünýärler, şol sanda Autodesk, Navisworks, Revit, AutoCAD, 3D Studio Max.

4D taslamalaşdyrmak

Haçan-da taslamanyň grafigi binanyň maglumat modeli (BIM) bilen utgaşdyrylanda, ol gurluşyk prosesiniň gymmatly wizuallaşmasyny üpjün edýär. Bu bolsa gyzyklanma bildirýän ähli taraplara düşünmäge we taslamanyň her bir tapgyrynyň meýilleşdirilmegine gatnaşmaga mümkinçilik berýär. 4D taslamalaşdyrmak meýilleşdirmekde bolup biljek kynçylyklary we dawalary, ýüze çykan säwlikleri we taslamany gowulandyrmak üçin mümkinçilikleri kesgitlemäge bize kömek berýär.

Lazerli skanirleme

Lazerli skanirleme – eýýäm bar bolan konstruksiýalary we mehaniki, elektrik we santehniki elementleri birnäçe millimetr çäklerdäki ýalňyşlyk bilen ölçemäge, meýilleşdirmäge we täze döredilýän sanly obýektlere geçirmäge bize mümkinçilik berýär, bu bolsa işleri täzeden geçirmek, sargytlary gijikdirmek we üýtgetmek töwekgelligini netijeli azaldyp, täze konstruksiýaly modelindäki obýektleriň bar bolan şertlere dogry laýyk geljekdigini kepillendirýär. Biz iň häzirki zaman lazer enjamyny we degişli programma üpjünçiligini ulanýarys.

Taslamany şekillendirmek

Taslamany şekillendirmek – şunuň üçin taslamanyň her bir tapgyryny ähli taraplaýyn gurşap almak üçin wizuallaşdyrma tehnologiýasy, şol sanda 360-gradusly fotosurata almak, diri web-kameralar, uçarmansyz dronlar – surata almak, üç ölçegli kartalaşdyrmak, howpsuzlyk şertleriniň gözegçiliklerini we barlagyny geçirmek ýaly dürli ulanyş maksatlarynda ulanylar, bu bolsa agzalan zähmeti köp talap edýän meseleleriň käbirine sarp edilýän serişdeleri ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şularyň bary hem gurluşygyň deslapky tapgyrynda, hem-de gurluşygyň wagtynda giňişlikleriň gutarnykly şekilini almaga mümkinçilik berýär we keseden syn edilende umumy görnüşi we obýekte barmazdan panorama görnüşini üpjün edip bilýärler.

bottom of page