top of page
Environmental consulting

Ekologiýa soraglary boýunça maslahatlar

Консультации по вопросам экологии

Environmental consulting

Planetany goramak üçin ýagşy niýetden başga-da, has köp zat gerek

Häzirki zaman senagatynyň öňüne ekologik meseleler islendik iş çygrynda diýen ýaly ýüze çykýar, siziň kärhanaňyzyň uly önümçilik toplumydygyna, ýa-da gazyp çykaryjy kärhanadygyna garamazadan, şu halatlaryň ählisinde daşky gurşawy goramagyň soraglary we ekologik kadalary hem-de şu talaplary ýerine ýetirýän guramalar bilen özara hereketler boýunça maslahatlar gerek bolar.

Geljekki taslama üçin durnukly infrastrukturany meýilleşdirmeklik taslamalaşdyrmagyň başlangyç tapgyrynda ýagadaýa doly baha bermekden başlanýar, ol ýerde bilermenler seljermesinden geçmek üçin ýeterlik göwrümdäki ýöriteleşdirilen hasabaty taýýarlamak bilen inžener-ekologik gözlegleriniň geçirilmegi zerudyr. Gözlegleriň şu görnüşiniň ýerine ýetirilmegi uçastogyň tebigy şertleri barada gutarnykly maglumatlary almaklyga gönükdirilendir, onuň maksady: obýektler taslamalaşdyrylanda olary has gowy hasaba almak we olardan peýdalanmakdyr.

Ekologik gözleglerini geçirmegiň esasy wezipesi taslamalar amala aşyrylanda we souňundan olar önümli ulanylyşa girizilende daşky gurşawyň komponentleriniň hapalananlygyna himiki-analitiki barlaglary geçirmek we häzirki ýagdaýyny kesgitlemek arkaly baha bermek we antropogen täsirleriň astynda daşky tebigy gurşawyň we ekologiýanyň ähtimal üýtgemelerini çaklamak bolup durýar.

Taslamanyň infrastrukturasy we tebigy serişdeleriň dolandyrylyşy meýilleşdirilende biz dersara çemeleşmäni ulanýarys, ol sebitiň ekologiýasy we daşky gurşawy barada ylmy maglumatlary, tehniki taslamalaşdyrmany we meýilleşdirmäni öz içine alýar. Taslamalaşdyrmagyň we meýilleşdirmegiň dowamynda biz hem ekologik, hem-de durmuş faktorlaryny hasaba alýarys, olar taslamanyň amala aşmagyna mümkinçilik berip, daşky gurşawa we ekologiýa soňraky zyýanly täsiriň öňüni alýar ýa-da gutarnykly oňaýly netijäni üpjün edip, onuň täsirini gowşadýar.

bottom of page