top of page
Inspection

Inspeksiýa

Biziň kompaniýamyz indiki tehniki hyzmaty geçirmezden ozal, ähtimal bökdençlik ýa-da aktiw ulanyş prosesiniň meýilleşdirilmedik durmagy bolmaz ýaly, aktiwleriň ýagdaýyny isnpektirlemek we olara baha bermek boýunça hyzmatlary teklip edýär. Biziň üç tapgyrdan – Inspeksiýa, Baha berme we Abatlaýyş – ybarat bolan tehniki hyzmaty geçirmeklige toplumlaýyn usulymyz bütin durmuş syklnyň dowamynda, önümli ulanyşa girizilenden, tä ulanyşdan çykarylýança, aktiwleriň töwekgelliklerini we bitewiligini dolandyrýar.

 

Töwekgelliklere baha bermekde bilimlerimizi we tejribämizi ulanyp, biz aktiwleriň bitewiligini üpjün etmek boýunça çäreleriň giň toplumyny meýilleşdirýäris we geçirýäris. Suwüsti we suwasty konstruksiýalardan kenar we ýerüsti infrastruktura çenli biz siziň aktiwleriňizi üznüksiz ulanmak üçin tehniki hyzmat etmek boýunça giň tejribäniň esasynda dünýä tejribesinden iň gowularyny ornaşdyrýarys.

Biziň aktiwleriň ýagdaýyny inspektirlemek we olara baha bermek boýunça toplumlaýyn çözgütlerimiz şulary öz içine alýar

• Inspeksiýa we monitoring boýunça çözgütler.
• Weýran etmesiz usullar bilen barlamak.
• Katod goragy boýunça çözgütler.
• Hile tehniki baha bermek.

bottom of page