top of page

Gurluşyk gurşaw sekileri

Biz gurluşyk gurşaw sekilerini ulanmak bilen çözgütleri teklip edýäris, olar howpsuzlygy iň ýokary derejä çenli ýokarlandyryp, töwekgellikleri we çykdajylary peseldýärler.

Ynha 10 ýyldan gowrak wagt bäri biziň kompaniýamyzyň gatnaşýan her bir taslamasynda gurluşyk gurşaw sekileri hökman ulanylýar. Biziň gurluşyk gurşaw sekilerini howpsuz ulanmagyň köp ýyllyk tejribesi – bu biziň işgärlerimiziň bilimleri we ussatlygydyr, olar çykdajylary azaltmak bilen birlikde, howpsuzlygy we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin iň täze ulgamlary we innowasiýalary ulanýarlar.

Gurluşyk gurşaw sekileri

Biziň çözgztlerimiz

• Ýerüsti we suwüsti taslamalar üçin islendik talaplar we şertler üçin gurluşyk gurşaw sekilerini bermek boýunça hyzmatlaryň doly toplumy.
• Gurluşyk gurşaw sekilerini taslamalaşdyrmagyň, gurnamagyň we sökmegiň ýola goýlan iş tertipleri.
• Gurluşyk gurşaw sekilerini taslamalaşdyrmakda giň tehniki bilimler we tejribe.

Wagtlaýyn direg konstruksiýalaryny, konsol we asma aralaşmalary, göteriji konstruksiýalary, wagtlaýyn gurluşlary, üsti ýapyk konstruksiýalary, köprüleri we gaýry taslama çözgütlerini taslamalaşdyrmak boýunça biziň tehniki bilimlerimiz we mümkinçiliklerimiz bar. Bizde gurluşyk gurşaw sekilerini taslamalaşdyrmagyň, gurnamagyň we sökmegiň hemişelik hususy iş tertiplerimiz bolup, olar milli we halkara standartlaryna doly laýyk gelýär. Bizde kompaniýamyzyň gury ýerde ýa-da deňizde ýaýbaňlanmaga taýýar bolan hususy gurluşyk gurşaw sekileriniň ýeterlik mukdary bar.

bottom of page