top of page

Klapanlary anyklaýyş we abatlamak

Klapanlaryň tehniki hyzmaty iri kärhanalarda we zawodlarda enjamlary abatlamak maksady bilen önümçilik prosesi doly möçberli öçürilen wagty örän möhüm faktor bolup durýar, çünki duruzylan önümçilik ulgamlarynda çykdajylary we boş durma wagtyny azaltmak üçin tehniki hyzmatlary netijeli meýilleşdirmek örän wajypdyr.

Klapanlary anyklaýyş we abatlamak

"Işeňňir" sazlaýjy, bekleýji we goraýjy klapanlara baha bermek üçin öňde baryjy we innowasion inspeksiýa we anyklaýyş usullaryny ulanýar. Bu baha haýsy klapanlaryň dessine abatlanylmagy ýa-da çalşylmagy talap edýändigini kesgitläp, geljekki tehniki hyzmatyň meýilleşdirilmegini düýpli aňsatlaşdyrýar. Şeýle tapgyrlaýyn baha berme klapanlaryň tehniki hyzmatyna býijetleri meýilleşdirmäge we jemlemäge getirýär.

Biz sökmekden, düýpli abatlaýyşdan, biziň ussahanalarymyzda soňraky testleşdirmekden, gaýtadan gurnamakdan we ulanyşa girizmekden we ýerinde doly çalyşmak zerurlygyndan başlap, sazlaýjy we bekleýji klapanlara we goraýjy basyş klapanlaryna tehniki hyzmatyň toplumlaýyn çözgütlerini ulanyp bilýäris.

Taslamany we hyzmat eedilmegini dolandyrmak

Müşderiler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işläp, biz taslamany meýilleşdirmegiň guramaçylygy bilen we zerur bolsa müşderiniň bähbitleri üçin doly guramaçylygy bilen meşgul bolýarys. Tehniki hyzmatyň syýasaty önümçilik ulanylyşynda üznüksizligi gazanmak üçin örän wajypdyr. Biz siziň klapanlaryňyz we olaryň birleşmeleri üçin inspeksiýalaryň ýygylygynyň amatly bahalaryny kesgitlemäge, şeýle hem öňüni alyş tehniki hyzmatlaryny geçirmegiň grafigini düzmäge size kömek bereris. Taslamalary dolandyryş ulgamynda bilimlere we tejribä eýe bolmak bilen, biz tehniki hyzmatda çykdajylary amatlaşdyrmagyň we serişdeleri tygşytlamagyň esasy maksadyna ýetmek üçin biz müşderi bilen we müşderi üçin işleýäris.

Testleşdirme we hasabatlylyk

Biziň plapanlar we birleşdirijiler üçin hususy doly gurnalan synag sehimiz bardyr, bu bolsa amaly şertlerde abatlaýyşdan ýa-da geçirilen düýpli abatlaýyşdan soň sazlaýjy we bekleýji klapanlaryň we goraýjy basyş klapanlarynyň iş ýagdaýynyň öndürijiniň tehniki spesifikasiýalaryna laýyklygyny barlamaga bize mümkinçilik berýär.

bottom of page