top of page
Turnarounds

Işleriň wagtlaýyn togtadylmagy

Шатдаун

Turnarounds

"Işeňňir" – boş durma wagtyny ujypsyzlandyrýar we öndürijiligi ýokarlandyrýar

Önümçilik prosesiniň ýa-da işleriň islendik wagtlaýyn togtadylmagy we gaýtadan işe goýberilmegi örän çylşyrymlydyr we dersara çemeleşmäni talap edýär. Biziň işgärlerimiziň önümçilik senagat kärhanalarynda iş tejribesi we önümçilik prosesini doly möçberde duruzylmagyny we işe goýberilmegini geçirmekde tejribesi bar. Eger gürrüň üznüksiz önümçiligi, önümçilik prosesiniň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek barada gidýän bolsa, biziň üçin hiç bir taslama juda uly ýa-da örän kiçi däldir.

Biziň nebit-gaz, himiýa we energetika senagatynda önümçilik prosesi üçin işleriň wagtlaýyn togtadylmasyny meýilleşdirmekde we geçirmekde bilimlerimiz we iş tejribämiz bar. Biziň işleri wagtlaýyn togtatmak prosesini dolandyrmak çygryndaky çuňňur bilimlerimiz, howpsuzlyga we geçirilýän tehniki hyzmatyň hiline zyýan ýetirmezden, wagty we çykdajylary ujypsyzlandyrýar, şeýle hem modifikasiýany bir wagtda ýerine ýetirmegiň hasabyna aktiwleriň öndürijiligini ýokarlandyrýar.

Biziň netijeliligimiz

Işleriň wagtlaýyn togtadylmasyny geçirmekde üstünlikler we çykdajylar ýerine ýetirilýän işleriň göwrüminiň dogry kesgitlenilmegine baglydyr. Şol sebäpli biz boş durmagyň meýilleşdirilýän grafigini kiçeltmekden başlaýarys, bu bolsa prosesi has sada, aýdyň we netijeli eder. Biz önümçilik prosesinde geçirilýän çäreleriň bar bolan hronologiýasyny pugta öwrenýäris we işleri ýerine ýetirmegiň netijeliligini üpjün etmek, tehniki hyzmatlaryň aralyklaryny artdyrmak we ulanyşyň umumy gymmatyny amatlaşdyrmak üçin meýilnamany işläp taýýarlaýarys.

Işleriň başlangyç tapgyryndan, olary taýýarlamakdan, ýerine ýetirmekden tä tamamlanýança biziň bolmagymyz we goldawymyz, bize howpsuzlygy ýokarlandyrmak, tehniki hyzmatlara soňraky çykdajylary meýilleşdirmek we işleriň indiki wagtlaýyn togtadylmagy meýilleşdirmek maksady bilen, önümçilik prosesiniň enjamlarynyň tehniki ýagdaýy barada örän wajyp maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar

• Geçirilýän işleriň göwrümini kesgitlemek.
• Meýilleşdirmek we taýýarlyk.
• Jikme-jik baha bermek.
• Ýerine ýetirmek.
• Tamamlamak.

Işleriň wagtlaýyn togtadylmagy ¹

Işleriň wagtlaýyn togtadylmagy ¹

bottom of page