top of page
Maintenance engineering

Tehniki hyzmat etmek

Техническое обслуживание

Maintenance engineering

Biziň kompaniýamyz gazyp çykaryş, nebit-gaz, himiýa we energetika senagatlarynyň obýektlerine, şeýle hem biziň müşderilerimiziň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary saklamak boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny berýär. Biz tehniki ýagdaýynyň esasynda öňüni alyş tehniki hyzmatlaryny çözmekde ýöriteleşýäris, ony bahasy gymmat dikeldiş tehniki abatlaýyşdan ileri tutýarys. Bütin durmuş syklnyň dowamynda aktiwlere netijeli hyzmat etmek üçin zerur bolan amaly endikleriň, ulgamlaryň we prosesleriň netijeli serwis hyzmatlaryny bermek üçin aýgytly ähmiýeti bardyr.

"Işeňňir" özüniň bäsdeşlerinden elektrik we mehaniki hyzmatlar çygrynda esasy artykmaçlyklary bilen tapawutlanýarlar, şol hyzmatlar biziň müşderilerimize çuňňur bilimleri we Türkmenistanda bolmadyk senagat tehniki hyzmatlaryndaky iş tejribesini berýär.

Biziň meýilleşdirmek, mehanika, elektrika, abzallary öndüriş, gurluşyk gurşaw sekileri we izolýasiýa boýunça hyzmatlary senagat obýektlerine tehniki taýdan hyzmat ediş ulgamyna birleşdirmek ukybymyz, bizi pudakda tapawutlandyrýar we netijeliligi maksimal ýokarlandyrmaga bize mümkinçilik berip, çykdajylary azaldýar we howpsuzlyk görkezijilerini gowulandyrýar.

Biz taslama toparymyzyň müşderi bilen bilelikde meseleleri çözmegiň we gowulanmalary ýüze çykarmagyň üstünde işleýän uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk çemeleşmesine ynanýarys. Biziň tejribeli dolandyryjy işgärlerimiz we ýolbaşçylarymyz ýerlerde biziň işgärlerimizi başarnyklyga, ýokary işjeňlige we ýokary hilli hyzmatlary bermeklige iterýär.

Biz önümçiligiň kysymy üçin hyzmat ediş maksatnamasyny amatlaşdyrmak üçin, her Müşderä hyzmat etmegiň tärini strategik derejede seljerýäris

Obýektde: ýokary hünärli tehniki işgärleri ulanyp, "Işeňňir" tehniki hyzmatlary dünýä standartlary derejesinde ýerine ýetirýär, töwekgellikleri ujypsyzlandyrýar we howpsuzlyga zyýan ýetirmezden, hyzmatlara umumy çykdajylary azaldýar.

Obýektiň daşynda: enjamlaryň örän gür ýerleşen senagat obýektlerinde "Işeňňiriň" çykdajylary netijeli meýilleşdirmek we Müşderilere hyzmat etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin hususy ussahanalary (workshops) bar.

Biz müşderilerimiziň aktiwleri dolandyrmak boýunça uzak möhletleýin geljeklerine düşünýäris we gündelik amallaýyn funksiýalary howpsuz ýerine ýetirmekde könelmäni ujypsyzlandyrmak we aradan aýyrmak boýunça hereketlerde jemlenip, olaryň maksatlaryny amala aşyrmaga olara kömek berýäris.
bottom of page