Hyzmatlar
Çylşyrymly meseleler we innowasion çözgütler
Ähli ölçegdäki taslamalar – taýýar EPCC bermek üçin biziň bilimimiz, tejribämiz we mümkinçiliklerimiz bar – çözgütler we islendik taslama ýa-da aktiw üçin durmuş syklny doly goldamak üçin toplumlaýyn hyzmatlar, gurşawyň neneňsi çylşyrymlylygyna garamazdan – prosesleri ýönekeýleşdirip we gymmatlyklary ýokarlandyryp.
Biz pudaklaryň birgideni we buýrujylaryň giň toparlary üçin işleýäris we "doly gurup tabşyrmak boýunça çözgüt" we "bütin durmuş syklnyň dowamynda taslamany alyp barmak" ýaly hyzmatlaryň görnüşlerini berýäris. Meseläniň neneňsi kynlygyna garamazdan, islendik ýagdaýda netijeli we uzak möhletleýin çözgüdi tapmak üçin biziň hünärmenlerimiziň ýeterlik tejribesi we hünär derejesi bardyr.
EPCC – Doly gurup tabşyrmak çözgüdi
Öňki döwür bilen deňeşdirilende, biziň döwrümizde senagat taslamalaryny amala aşyrmaklyk çylşyrymly we köptaraplaýyn prosesdir, onuň içinde dürli tehnologiýalary, hyzmatlary we çözgütleri üpjün edijileriň köpüsiniň bolan ýagdaýynda bolsa, bu ony amala aşyrmak prosesinde bolup biläýjek meseleleriň çylşyrymlylygyny we mukdaryny has-da köpeldýär. Çeýe, anyk meselä gönükdirilen täjirçilik düzümlerini çekmek bilen, "doly gurup tabşyrmak boýunça çözgütleri" bermekde, taslamalaşdyrmak, satyn almak, öndürmek we gurmak boýunça uly tejribämiziň bolmagy sebäpli, biziň kompaniýamyz tehnologik proseslerini ýönekeýleşdirýär, maglumatlaryň alşygyny amatlaşdyrýar we islendik möçberdäki başlangyçlaryň başarnykly amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Dürli bazarlary we senagatyň sektorlaryny öz içine alýan toplumlaýyn çözgütlerde amala aşýan kompaniýa hökmünde, biz siziň işiňiziň talaplaryna we maksatlaryna jogap berýän we diňe ygtybarly üpjün ediji bilen gazanyp boljak bähbidi hem netijeliligi üpjün edýän doly gurup tabşyrmak taslamasynyň zerur bolan möçberiniň özbaşdak çözgütlerini teklip edýäris.
Meýilleşdirmeklik köplenç iri möçberli inžener meseleleriniň üstünde işlenilende gerek bolýar. Biz elmydama durmuş jogapkärçiligi ýörelgelerini berjaý edýäris we şu hyzmaty islendik buýruja bermäge taýýardyrys. Taslamalaşdyrmaga başarnykly çemeleşilmegi ähli ekologik ugurlaryny nazara almaga we daşky gurşawyň maksimal goragyny üpjün etmäge bize mümkinçilik berýär.
Ynha 10 ýyldan gowrak biz islendik şertlerde çylşyrymly taslamalary, olaryň kynlygyna garamazdan, amala aşyrmak bilen meşgul bolýarys. Biziň üstünligimiz – bu biziň işgärlerimiziň tagallalarynyň we tehnologiýalar, taslamalaşdyrmak, satyn almak, önümçilik we gurluşyk ýaly çygyrlarda taslamalary dolandyrmak üçin innowasion ýokary tehnologik ulgamlaryny ulanmagyň netijesidir. Çözgütleri sazlaşykly birleşdirmekde tejribä eýe bolmak bilen, biz bellenilen býujetiň çäklerinde taslamalaryň wagtynda, howpsuz we ygtybarly ýerine ýetirilmegini üpjün edýäris.
Obýektleriň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak
Obýektleriň durkunyň täzelenmegi we döwrebaplaşdyrylmagy bar bolan aktiwleriň netijeli ulanylyş möhletini uzaldyp, olaryň ilki başdaky maksady hem-de ulanyş şertleri bilen deňeşdirilende mümkinçiliklerini düýpli giňeldip biler. Biz täze maksatlara ýetmek we netijeliligi gazanmak boýunça toplumlaýyn çözgütleri berýäris.
Bahalaryň üýtgemeleri, senagat we önümçilik ulanyş şertlerindäki özgermeler we tehnologik ösüş bilen baglanyşykly dünýä bazarynda elmydama ýüze çykýan meseleler gutulgusyz bolup durýar. Ýöne şol kynçylyklary ýeňip geçmek üçin uýgunlaşdyryp, tehniki häsiýetnamalaryny we önümçilik görkezijilerini gowulandyryp, bar bolan aktiwleriň döwrebaplaşdyryp we durkuny täzeläp bolar. Özümiziň tejribämizi we bilimlerimizi peýdalanyp, biz taslama ýöriteleşmesini seljerýäris we oňa baha berýäris we täze ulanyş şertlerine uýgunlaşdyrmagyň has gowy usulyny kesgitleýäris.
Biziň hünärmenlerimiz özleriniň bilimlerini we tejribesini taslamalaşdyrmak, satyn almak, önümçilik, gurluşyk, ulanyş we tehniki hyzmat etmek çygyrlarynda ulanýarlar we ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi, dinamiki we 3D-modelirleme bilen delillendirilen jikme-jik barlaglar we zerur bolan tehniki seljeriş we audit bilen üpjün etmäge taýýardyrlar. Geljekki hereketler we ýerine ýetirmegiň strategiýasy barada maslahatlary bermezden ozal, biz eýýäm gurnalan we ulanylýan enjamda ulanmagyň täze şertlerinde işini üpjün etmäge mümkinçilikberýän gorag ulgamlaryny retrospektiw döwrabaplaşdyrmasynyň barlygynyň ýa-da mümkinçiliginiň seljermesini geçirýäris we baha berýäris.
Biziň kompaniýamyz ýerüsti, suwüsti we suwasty obýektleriň durkuny täzelenmegini üstünlikli ýerine ýetirmekde ýa-da modifikasiýasyny we döwrebaplaşdyrylmagyny geçirmekde ygtybarly hyzmatdaşdyr. Indiki halatlarda durkuny täzelemek boýunça biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanyň:
• Doly peýdalanylan we könelişen önümçilik aktiwlerini döwrebaplaşdyrmakda.
• Bar bolan aktiwleriň ugruny täzelemekde.
• Bar bolan aktiwleriň netijeliligini we işe ukyplylygyny ýokarlandyrmakda.
• Täze we bar bolan ekologik kadalaryna, kanunçylyga laýyklygyny uýgunlaşdyrmakda.
Önümçilik-tehniki aktiwleri dolandyrmak
Aktiwleri öndürijilikli ulanmagyň barşynda önümçiligiň möçberlerini hopsuz we ykdysady taýdan netijeli usul bilen mümkingadar artdyrmaklyk islendik operatoryň ýa-da obýektiň eýesiniň esasy maksady bolup durýar. Biz berlen maksatlara ýetmek üçin zerur bolan önümçilik- tehniki ýagdaýy dolandyrmak boýunça toplumlaýyn çözgütleri berýäris.
Biziň amallaýyn işi kämilleşdirmek boýunça çemeleşmämiz biziň müşderilerimize olara degişli bolan aktiwlerden iň ýokary peýdany gazanmak üçin, aktiwleri seljermek, töwekgelliklere we ähli ulgamlaryň öndürijiligine baha bermek bilen elmydama gowulandyrmalar prosesi bolup durýar. Biz müşderilerimiz bilen bilelikde olaryň aktiwleriniň ýagdaýyny dolandyrmak boýunça özbaşdak meýilnamalary döretmegiň üstünde işleýäris, durnukly, uýgunlaşdyryp bolýan, howpsuz we ykdysady taýdan netijeli maksatnamalary işläp taýýarlamak üçin olary mahsus talaplara we maksatlara uýgunlaşdyrýarys.
Önümçilik-tehniki desgalarynyň, mehaniki enjamlaryň, turba geçirijileriň, suwüsti we we suwasty konstruksiýalaryň ýagdaýyny dolandyrmak üçin, şeýle hem aktiwleri önümli ulanmagyň möhletini uzaltmak üçin, biz ýerüsti we deňiz obýektlerini toplumda seredýäris, olary ulanmagyň galan döwründe ähtimal töwekgelliklerine baha berýäris. Biziň amaly tejribämiz, ygtybarly we wagt bilen barlanylan usulyýetlerimiz sebäpli, elmydama innowasiýalary ornaşdyrmak bilen, biz prosesleriň we ulgamlaryň bolup biljek wariantlaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk aktiwler üçin işlenip düzülen ähtimal töwekgelliklere baha bermeklige esaslanan özbaşdak çözgütleri berýäris.
Biziň hyzmatlarymyza şulary öz içine alýar:
• Ýerüsti desgalarynyň ýagdaýyny dolandyrmak, seljermek we olara baha bermek.
• Mehaniki enjamlaryň ýagdaýyny dolandyrmak, seljermek we olara baha bermek.
• Turba geçirijileriň ýagdaýyny dolandyrmak, seljermek we olara baha bermek.
• Suwüsti we suasty desgalarynyň ýagdaýyny dolandyrmak, seljermek we olara baha bermek.
• Aktiwleri önümli ulanmagyň möhletini uzaltmak.
Önümçilik prosesini dolandyrmak
Kärhananyň işiniň esasy düzýän önümçilik prosesi guramaçylyk hereketleriň jeminden ybarat bolup, olar kabul edilen önümçilik meýilnamasyny ýerine ýetirmeklige gönükdirilen tehnologik prosesi çözýärler we amala aşyrylmagyna kömek berýärler. 10 ýyldan gowrak biz çylşyrymly we dinamiki şertlerde işleýän senagat we raýat çygyrlaryndaky müşderilerimize has ähmiýetli aktiwleriniň bitewiligni saklap galmaga, görkezijilerini amatlaşdyrmaga kömek berýäris.
Müşderiler bilen hyzmatdaşlykda biz önümçilik prosesiniň doly durmuş sykly üçin çözgütlere baha berýäris we işläp düzýäris, olaryň üsti desgalary we obýektleri önümli ulanmagyň ähli tapgyrlarynda olaryň monitoringi, durkuny täzeleýiş, döwrebaplaşdyryş, olara hyzmat ediş çygyrlaryndaky biziň taslamalary amala aşyrmakda tejribämiz we bilimlerimiz bilen ýetirilýär. Awtomatlaşdyrma we çaklanylýan seljerme serişdelerini ulanmagyň innowasion usullarynyň irginsiz gözleginde bolmak bilen, biz müşderilerimize ykdysady netijeliligi we ýokary hili üpjün edýän standart bolmadyk çözgütler üçin innowasiýalary ulanmaga mümkinçilik berýän tejribäni we bilimleri teklip edýäris.
Hyzmatdaşlarymyz bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga, şeýle hem awtomatlaşdyrma, emeli intellekt, kognitiw maşyn okuwy we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak çygrynda ajaýyp mümkinçiliklere daýanyp, biz önümçiligi amatlaşdyryp, ulanyş döwrüni uzaldyp we uzak möhletleýin geljege iş häsiýetnamalaryny ýokarlandyryp bilýäris.