top of page

Jikme-jik tehniki taslamalaşdyrmak

Taslamanyň konseptual taslamalaşdyrma tapgyrynda döredilen esasy parametrleri geljekde deslapky taslamalaşdyrmany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin esasy emele getirýärler we satyn alma, gurluşyk proseslerini we işe goýberiş-sazlaýyş işlerini öz içine alýar we buýrujyny indiki tapgyra – jikme-jik tehniki taslamalaşdyrmaga geçmek maksady bilen ara alyp maslahatlaşmany tamamlamak we taslamanyň amala aşyrylyşyna baha bermek üçin gerek bolan goşmaça gymmatly maglumat bilen üpjün edýär.

Jikme-jik tehniki taslamalaşdyrmak

Jikme-jik tehniki taslamalaşdyrma gurluşyk üçin meýilnamalara we materiallara garanyňda soraglaryň has giň toplumyny öz içine alýar we siziň aktiwiňiziň ulanyş döwrüniň her bir tapgyrynda önümçiligiň elementleriniň hersini nazara alýar – konseptual taslamalaşdyrmakdan başlap tä gurluşyga, önümli ulanyşa we soňundan ulanyşdan çykarmaklyga çenli. Biz has çylşyrymly meseleleriň toplumlaýyn çözgütlerini berýäris: tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamakdan we deslapky taslamalaşdyrmakdan başlap, täze kuwwatlyklary döretmegiň we bar bolanlary täzeden enjamlaşdyrmagyň toplumlaýyn taslamalaşdyrylmagyna çenli, şol sanda taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurluşyk. Biziň inženerlerimiziň zerur bolan tejribesi we bilimleri bolup, islendik ýer üçin islendik möçberdäki we çylşyrymlykdaky taslamalary taýýarlamak bilen, islendik tehniki kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge taýýardyrlar.

Biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar

• Taslama işleriniň göwrümini we teklibiň bahasynyň kesgitlenmeginu.
• Senagat taslamasynyň işiniň netijeliligini we önümçilik görkezijilerini.
• Materiallaryň, ýylylygyň, energiýa göterijileriniň we akymlaryň balansyny.
• Tehnologik prosesleriň shemalaryny.
• Prosesleriň we tehnologiýalaryň beýanyny.
• Enjamlaryň sanawyny we tehniki şertleri.
• Turba geçirijileri we barlag-ölçeýji abzallary.
• Ünümçilik prosesini dolandyrmagyň esasy serişdelerini.
• Uçastoklaryň planlaryny we ýerleşiş shemalaryny.
• Prosesleriň howpsuzlygyny.

bottom of page