top of page

Meýdan gurluşygy

Biz gurluşygy we önümçiligi alyp barmak, meýdan şertlerinde infrastrukturany ýygnamak we dikeltmek boýunça taslamalar üçin hyzmatlaryň giň toplumyny berýäris, ol modul ýygnamyny ýa-da adaty gurluşygy, taslamalary dolandyrmagy, gurluşyga inspeksiýany we ony dolandyrmagy, meýilleşdirmäni, kebşirleýiş işlerini we hil barlagynyň, senagat desgalaryny işe goýberiş-sazlaýyş işleriniň we ulanyşa girizmeginiň üpjün edilmegini we beýleki köp sanly meýdan hyzmatlaryny öz içine alyp biler. Gurluşyk işlerine goşmaça, biziň taslamalarymyz infrastruktura obýektleri geçirmekligi, döwrebaplaşdyrmagy, sökülmegi we geçirmekligi, näsazlyklary aradan aýyrmaklygy, önümçilik säginmelerini we abatlaýyş işlerini geçirmekligi öz içine alýar.

Meýdan gurluşygy

Köp ýyllaryň dowamynda taslamany dolandyrmakda tejribe edinmek we endiklerimizi kämilleşdirmek bilen bir hatarda, has çylşyrymly taslamalary dolandyrmak üçin amatly we netijeli tejribäni işläp taýýarladyk. Biziň üznüksiz kämilleşmegimiziň prosesinde, hronologik maglumatlary ýygnamaklyk we resminamalaşdyrmak biziň taslama toparlarymza hem ýüze çykýan meseleleri çözmekde, hem-de tejribe endiklerini gowulandyrmakda netijeli kömek berýär, olar geljekde adaty tejribä kodlaşdyrylýarlar we tutuş kompaniýa ýaradylýar.

Biz islendik ýerde diýen ýaly, hat-da logistika nukdaýnazardan uzakdaky we kyn sebitlerde hem taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmek ukybymyz bilen bellidiris. Biziň ykjam we çaklaň, ösen satyn alyş torumyz we önümçilik we gurluşyk serişdelerimiz islendik wagtda we islendik ýerde islendik taslama üçin çalt mobilizlenmäge kömek berýär, biziň işgärlerimiz bolsa kanunçylyga, biznesi alyp barmagyň medeniýetine, aýratynlygyna we biziň işleýän jemgyýetimiziň zähmet tejribesine gowy düşünýärler.

bottom of page